Сообщество Goshgular ummany
Goshgular ummany
Вступить Пригласить
Дата основания: 16 Дек 2022, 10:18
Основатель: Wepajan
Bö\'lim: Без категории
Тип: Открытое сообщество
Подробная информация

Yygy-yygy sesiñi bir eshtdir... 

Aram-aram sen düýşüme girýärsiñ,
Gamgyn halda, gussalyja keşpde,
Aladaly ýürek biraz giñesin,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.

Sen bolmasañ asman basýar depämi,
Syn edýärin minutlaryñ togtaşyn,
Bir wagtlar ýetip geljek ajalym,
Üzjek ýaly dañyk duran nogtasyn.

Kemilemde sözleñ bilen çoý meni,
Aýazlarda mähriñ bilen ýylaýyn,
Bir dilegim, iki barmak mañlaýa,
Alla seni ýazan bolsun ylaýym.

Aramyzda körän söýgi ýok, emma,
Teşne kalbym göýä suwsy ...
Читать оригинал записи...


0 0 3 0 0

Zorum ýok-da, zarym bar, 
Bir ýylgyr, doňmasaň, bolýa! 
Ak süýt beren öwülýädir, 
Şoňa daş atmasaň bolýa.

Kimseleriň gözi alda, 
Kimseler set müň hyýalda, 
Janam, lowla, orta ýolda,
Tüsseläp sönmeseň bolýa!

Ilden-günden alyp gerim, 
Asmana ýetse-de seriň,
Ýagysy kän ejizleriň, 
Gerşine münmeseň bolýa!

Oýlan, ýalňyşma göçümde, 
Ahmyryň galsyn içiňde, 
Aglanyň ýandan geçeňde,
Gözlerňi ýümmasaň bolýa!

Dar köňüli baglap bire,
Ýaý ganatyň, giňdir ýere,
Dowul turzup ýersi ...
Читать оригинал записи...


0 0 1 0 0

Sahypany paýlaş