Запись - Enneagram (hekaýa)

Enneagram (hekaýa)

ENNEAGRAM (HEKAÝA)

1-NJI BÖLÜM

Bu gün 2023-nji ýylyň iýul aýynyň dokuzy. Ine bu gün hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň "Kämil bilim" merkezinde döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Tip4 bu ýere öňlerem 3-4 gezek gelen soň öňkiler ýaly alaşman geldi. Günbaratdan baran badyna howply ýoldan howlukman geçip ýanýoda bilen ýöräberdi. Goňur gapynyň ýokarsynda asylan "Kämil bilim merkezi " ýazgysyny okap , şol bina sowuldy. Goňur gapydan giren badyna şadyýan çagalaryň şadyýan gülkileri, galmagallary bütin bina ýaňlanýardy. Şol wagt basgançaklardan kowalaşyp ylgaşlap gelýän iki sany garagol oglanjyklar tip4-iň gapdalyndan kowalaşyp geçip gitdiler. Tip4 basgançaklardan ýokary galdygyça körpeleriň galmagallary hasam güýçlenip barýardy. Körpeler bu ýerde okuwdan daşgary iňlis dili, rus dili , informatika, matematika ýaly sapaklardan aýratyn bilim alýardylar. Bu wagt olary hiç kim saklap bilmejek ýalydy. Tip4  basgançaklara agyr-agyr basyp ikinji gata çykyp aýna gapyny açdy. Aýna gapynyň aňyrsynda ýüzleri tanyş  ýöne heniz tanyşyp ýetişmedik iki sany ýaş ýigit bilen elleşip salamlaşdy. Ikinji gata çykýan basgançaklar göni jaýyň ortasyna eltýärdi. Şol aýna gapynyň ilersinde we gaýrasynda çagalaryň synp otaglary bardy. Synp otaglarynyň gapy syna bolsa her dürli çagalar üçin suratlar owadan ýazgylar bardy. Diňe gapynyň däl diwaryň ýüzünde hem suratlar, bildirişler, mahabatlar asylgy durdy. Tip4 ýaş ýigitler bilen salamlaşdy-da gaýralygyna ýöneldi. Gaýraky zalda oturjak eýelerine garaşyp 20-30 sany oturgyçlar hatar-hatar hatarlara düzülişip durdy. Göni oturgyjyň öňünde bolsa şu günki döredijilik söhbetdeşliginiň gadyrly myhmanyna niýetlenen parta oturgyç bardy. Bu günki döredijilik söhbetdeşliginiň myhmany Dagdan Sözenow bolmalydy. Adatça bu ýerde döredijilik duşyşygyna ussat ýazyjy-şahyrlardan ýa-da döredijilik bilen meşgullanýanlar, tanymal halypa we ýaş şahyrlardan biri çagyrylýardy. Beýlekiler bolsa oňa edebiýat , poeziýa, şahsy we şuňa meňzeş soraglary berýärdiler. Ýörüte çagyrylan myhman bolsa başardygyndan şol soraglara jogap berip, özi we döredijiligi barada maglumatlar aýdýardy. Tip4 şol oturgyçlaryň iň yzyndaky oturgyçda , galamdaşlarynyň ýanynda otyrdy. Uzyn boýly, çal kastýum balakly , açyk ýüzli Dagdan Sözenow arzyly myhmanyň oturgyjyna geçdi. Ýany bilen getiren kampýuterinde käbir zatlary taýýarlap goýdy. Oturan otagmyzyň ýarysynyň çyrasy ýanyk duran  bolsa , ýarysynyň çyrasy ýanman durdy. Muny gurnaýjylaryň ýörüte edýänliginden gelenler habarlydy. Soňra Dagdan Sözenow arkasynda duran ýaşyl doskanyň ýüzüne kampýuterde taýýarlan sahypalary çykaryp söze başlady:
- Mähirli diňleýjiler ilki bilen hemmäňize ýalkymly salam. Şunuň ýaly bir ýere geleniňde bir-birege ajaýyp arzuwlar etsek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň hasda pajarlap ösmegini, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagyny , hormatly Prezidentimiziň ähli eziz watanmyzy hasda gülläp ösdürmek ugrunda tutýan tutumly işleri rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýän.
Men Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy , telekeçi Dagdan Sözenow . Şu wagtky alyp barýan telekeçilik işimizde mähriban diňleýjiler ýokary mekdebiň talyplaryndan , ýaş telekeçilere , ýaş ene-atalara , ýaş mugallymlara , "Özüňi bilmek we özgeleri tanamak " sungaty esasynda jemgyýetdäki aragatnaşyk edebi , telekeçilikde edinen tejribelermizi sizler bilen paýlaşýas we ýeri gelende sizlere sowatlylyk äheňli maslahatlar berýäs.
Mähriban jigilerim ! Men bu ýere 2019-njy ýylda tanşan sungatymy siz bilen paýlaşmak üçin geldim. Ine bu gün ýaşlarmyzyň arasynda ýaşullaram bar, doganlarmyzam bar, jigilermizem bar. Maksadymyz söhbet etmek . Ýagny men size akyl bermek üçin gelemok. Biz akyl, ýagny pikir alyp bermek  üçin dälde , çalyşmak geldik. Aslynda "edebiýat agşamy" diýýär , döredijilik şahsyýetleri bilen söhbetdeşlik geçirmek biz ýaly ýönekeý telekeçä ýeňilem däl . Käbir kemçiliklermiz bar, säwliklermiz bolup biler, ýazuw düzginlerinde ýalňyşlyklaram bolup biler , şu mahaldan sizden ötünç soraýan .

(1-nji bölümiň soňy . Dowamy bar)

(Gökdepe 15.07.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş