Запись - Matallar

Matallar

Sanlar hakynda matallar 1
1) Birje tylla ýüzügim-
Ýagtyldýar dünýäň ýüzün.
2) Özi bir garyş,
Dili müň garyş.
3) Özi birdir,
Jany ýok.
Gider otyr,
Sany ýok.
4) Bir küýzede iki suw.
Günde getirip berer.
5) Iki agaçdan asylar,
Bir çagadan basylar.
6) Iki uç, iki halka ortasynda çüýi bar.
7) Üç aý öli,
Dokuz aý diri,
Gezmeýär biri.
8) Sekiz aýakly sergezdan,
Depä çykyp mal gözlär.
9) Dişim, dişim sap - sary,
Sanasaňam köpdür sany.
10) Dolama dokuz dony bar,
Bir topbajyk özi bar.
Teswirler 4
beydp is edip yorme like goyanoklar
18 Июл 2023, 06:21
0
1)gün
9)mekge
(diyip pikir edyan)
17 Июл 2023, 14:36
2
Unk
ответил(-а) Mary_Maryyyew

Aha

17 Июл 2023, 15:53
Показать все ответы 2
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş