Запись - Tazelik kompyuter oyun oynayanlar ucin

Tazelik kompyuter oyun oynayanlar ucin

«Activision Blizzard» «Call of Duty: Modern Warfare 3» atyşykly oýnunyň ilkinji treýlerini paýlaşdy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Täze oýunda baş antagonist hökmünde «Gyzyl spesnaz» toparynyň ýolbaşçysy Wladimir Makarow çykyş eder. Oýnuň sýužetine görä, Makarow «Call of Duty-nyň» baş gahrymanlary – «Task Force 141» otrýady bilen gönüden-göni çaknyşykda bolar.
Treýlerde «Modern Warfare» trilogiýasynyň öňki nusgalaryndaky meşhur sahnalaryň üýtgedilip görkezilýär. Wideorolikden çen tutsak, täze oýunda «Modern Warfare 2-däki» wezipeler gaýtdan dikeldiler, emma wakalaryň geçýän ýerleri üýtgediler.
Şeýle hem treýlerde işläp düzüjiler oýnuň adyny «Call of Duty» sözüni ulanman, diňe «Modern Warfare 3» diýip getirýärler. Oýun 17-nji awgustda tanyşdyrylar we 10-njy noýabrda köpçülige ýetiriler. Ol şahsy kompýuterde, «Xbox One», «Xbox Series X/S», «PlayStation 4» we «PlayStation 5» oýun enjamlarynda oýnamak üçin elýeterlidir.
Teswirler 1
Halan bolsan like basyn dostlar
12 Авг 2023, 08:02
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş