Запись - Sport Tazelik

Sport Tazelik

Russiýanyň MMA birleşmesiniň Prezidenti Fýodor Ýemelýanenko boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony Maýk Taýson bilen boks tutluşygyny geçirmek isleýändigini belledi. Ol bu barada gatnaşan «The MMA Hour» gepleşiginde gürrüň berdi.

Russiýaly hünärmen bu tutluşygyň 28-nji oktýabrda boks boýunça dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ozalky çempiony Frensis Ngannunyň arasynda tutluşyk geçiriljek agşamynda bolmagynyň özi üçin ýakymly waka bolup biljekdigini nygtady.
Ýemelýanenko professional karýerasynda 40 ýeňiş gazandy we 7 gezek ýeňildi. Ol «Pride» promouşen çempionatynyň agyr agram derejesinde ozalky çempionydyr. Taýson bolsa karýerasynda 58 tutlyşyk geçirip, 50 ýeňiş gazandy (44-sini nokaut bilen), 6 gezek ýeňildi, iki tutluşyk bolsa geçirilmedi diýlip hasap edildi.
Teswirler 1
Halan bolsan like
12 Авг 2023, 08:14
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş