Запись - Türkmenistanyň Prezidenti: bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlik möhümdir

Türkmenistanyň Prezidenti: bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlik möhümdir

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlik möhümdir, diýip belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça işi dowam etdirmek barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň önümçiligini artdyrmak, ekin meýdanlaryny giňeltmek meselelerine seretmegi, olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny azaltmak, içerki bazarlary özümizde öndürilýän harytlar bilen doly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmak barada görkezme berildi.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş