Запись - Cep tarapym agyrya eje.

Cep tarapym agyrya eje.

Salam eje! Yene men geldim. Alada etme mekdebi gutaryp geldim. Ejelerem kakalar yaly alada edyarmi bilemok welin, dosdym mekdepden gachsan ejem gaharlanar, alada eder diydi-da shonun u.n soraydym. Gechen hepde lachyn mugallym sag elimde sarymsak, chep elimde chelpek diydire diydire owretdi sagymy-chepimi. Men indi bilyan eje sagym niresi, chepim niresi. Agyryan yanymyn niresidigini indi gowy bilyan eje. Hany gechen gezek gelemde:
-Shu yerim agyrya, ine shu yerim agyrya-diyipdima,
Yone adyny tapman aydyp bilmedim-da. Niramin agyryandygyny indi aydayyn seret ine shu yerim, chep tarabym agyrya ejem, hemem her gun.. her gun agyrya ejem. Duyn irden ejesi Ahmedin sachlaryny darap,elinden tutyp mekdebe getirdi. Tazeje-de koynek geyipdir. Jan kakyldy welin, yanaklaryndan ogshap:
- Bar balam sapagyna - diydi.
Menem agladym.Hich kimden utanman agladym. Lachyn mugallym:
- Name boldy - diydi.
Menem:
- Yykyldym dyzym agyrya - diydim.
Yalan sozledim ejem. Dyzym agyranokdy, emma chep tarabym agyryady ejejan.. Bu gun menem sachymyn daralmagyny isledim..
kakam:
- Ozun daray - diydi.
- In bolmanda mekdebe bir akiday - diydim.
Oglum ishim bar diydi.
Menem:
- Mana name diyip agladym.
- Ogul chorek - diydi kakam. Dymdym emma mekdebe baryarkam yene agladym, chep tarabym has gaty agyrdy ejejan. Senin yanyna gachyp gelyanimi kakam bilenok. Bilayse gaharlanmaz, yone gynanaymaga ahmal. Wah..ejem topragyny kim dargadyar, gullerni kim goparyar. Rugsat berme eje, yalbaryan ejem, topragyna kirli elleri degdirmesene. Oye baramda yadyma dushup onada aglayan, gynanyan. Seret eje kichijik gap getirdim. Bir gysymjyk aljak topragyndan. Bilyanmi ejem, her gelemde alyan gumumy el yalygyma dolap ustunede suradyny goyup, bash ujumda goyup yatyan. Her gun irden turup ysgap ogshayan.. Hic kime aytma velin. Kamahallar gurleshyanem on b.n . Name edeyin seni goresim gelyada. Ha tasdan yatdan chykypdy. Mugallym ertir ejeler barada duzme yazyp gelin diydi. Men kakama yazdyrjak. Mugallym bilaysa ikilik goyar welin, mana name?! Goysa goyup gechsin. Men seni hich gormedima, name yazayyn? Name diyeyin eje?! Sen adyny eshtsem chep tarabym agyryar, hich zat yuwudyp bilemok, kamahalam chydaman aglayan. Duzmanem shey diyip yazyp bilmerna. Borda Sag bol gumuna gurbanym. Men gideyin. Yone sen meni gelip duyshumde ogshagyn bormy. Hokman gelgin. Seni duyshumde gormesem chep tarabym agyryp yatyranok kabam. Chep tarabym agyryar. Edil shu yerim, chep tarabym gaty agyryar.. Seni goresim gelyar ejejan.. Seni goresim gelyar..((


(Turkmencesinem yazayyn diydim))
Teswirler 2
Kaka sag tarapym agyrya.Меньше др* надо сынок
23 Авг 2023, 17:11
0
Yonetmencik_06
ответил(-а) Vepa

Nam diyenem bolsan dushunmedm

23 Авг 2023, 17:12
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş