Запись - Gowynyn gadry.

Gowynyn gadry.

Gowynyň gadyryn bilsinler diýip
Erbetlik diýen zat döränmiş kem-kem
Hemmeler gowynyň gadyrny bilse
Erbetlik äleme inmejek eken

Ýaşlygyň gadyryn bilsinler diýip
Gojalyk ýerinden turanmyş kem-kem
Hemmeler ýaşlygnyň gadyrny bilse
Gojalyk gojaly:yp öljegem eken

Söýginiň gadyryn bilsinler diýip
Hasrat gözlerini açanmyş kem-kem
Hemmeler söýginiň gadyrny bilse
Hasrat ukydanam turmajak eken

Saglygyň gadyryn bilsinler diýip
Kesel diýilýän zat döränmiş kem-kem
Hemmeler saglygyň gadyrny bilse
Äleme inmezdim diýýärmiş kesel

Adamyň gadyryn bilsinler diýip
Gaharlanyp ölüm inenmiş ýere
Her kim bir-biregiň gadyrny bilse
Ölüm gelen ýerne gitjekmiş ýene.

#KerimGurbannepesow.
Teswirler 8
Gowy gosgy ekeni
17 Сен 2023, 16:59
0
Gowy gosgy eken
15 Сен 2023, 12:19
0
Döreden miwesiňiň gapdalymda görediji kişiniň ady hem goýulsa makul boljak.
14 Сен 2023, 20:06
0
Yonetmencik_06
ответил(-а) Garayolly

Shony goyjakdmda borla diydmda

15 Сен 2023, 14:57
Показать все ответы 3
Soñky doworler tanymal shahyrlariñ belli goshyylaryny anonym formada internede goyyaylar. Mundaky bähbit nämedeka?
14 Сен 2023, 20:04
0
Nam ucin goshjynyñ awtoyyny gorkezmedilerka. K. Gurbsnnepesow bolmaly
14 Сен 2023, 20:02
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş