Запись - Hakykat.

Hakykat.

"Kösenme dünýäni düzetjek bolup
Hakykaty aýtma otur" diýilýär
"Ýeňil işe ýapyş , ýaşaber gülüp
Indi işleýäne "Şatyr" diýilýär

"Indi doňuzada daýy diýmeli
Halaldan baýan ýok haram iýmeli
Ýa zeriň , ýa zoruň , tanşyň bolmaly
Ýa Allanyň özi ýetir " diýilýär

Gerçek haram pula garaýar gözler
Haram pula geçdi ne gözel gyzlar
Ýallaklap ýazylan ýasama sözler
Şolarada goşgy setir diýilýär

#GerçeknazarAmannazarow.
Teswirler 1
Hakyky
22 Сен 2023, 10:35
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş