Запись - Hos gal soygi,hos gal dostluk

Hos gal soygi,hos gal dostluk

Selbi bilen Guwanç goňşy bolup ýaşaýardylar. Olar çagalykdan bileje oýnap, bileje mekdebe gatnaýardylar. Olaryň ikisiniň halaýan reňkleri, halaýan naharlary umuman hemme halaýan zatlary meňzeşdi. Olaryň ikisi hem gyş paslyny halaýardy.Bular mekdepde-de birek birege kömek ederdiler. Selbi matematikadan yza galardy Guwanç bolsa hem oz oý işlerini we Selbiniň öý işlerini işlärdi. Selbi bolsa Guwança edebiýat sapagyndan kömek ederdi. Aý aýlanyp, gün geçdi Guwanjyň Selbä bolan dostlukly gatnaşygy söýgä öwrüldi. Selbi bolsa Guwanja dine dosty ýaly garaýardy. Guwanç özelenip ýalbarsada, söýýanini aýtsada Selbi kabul etmedi. Orta mekdebi tamamlanyndan soň Guwanç daşary ýurda okuwa gitdi. Guwanjyň gitmegi bilen Selbiniň dünýäsinde bir zat kemelen ýalydy. Göýä durmuşunda bir boşluk bar ýalydy. hemme zady ýetik, joralary ýanynda, her güni şatlykly geçsede Selbi durmuşuna kimdir biriniň ýetmeýänini duýup başlady. Şol ýetmeýän kimdir biri Guwançdy. Ol Guwanja bolan duýgusy dosluk däl-de söýgidigine göz ýetirdi.
Wagt derýa ýaly akyp geçip dur. Guwanç gyş rugsadyna çykyp oýlerine geldi. Guwanjyň bar aladasy Selbini görmekdi. Guwanç Selbiniň jorasy Aýndan habar ugratdy. Aýna Selbiniň öýüne bardy. Selbiniň ejesi kakasy telewizora seredip çaý içip otyrdylar.
Şol wagt Aýna: -Salam Myrat aga, Salam Keýik gelneje. Selbi öýdemika? – diýip sorady.
Selbiniň ejesi : - salam Aýnajan gurgunmy? Selbi jaýyndadyr baraý gyzym- diýdi.
Aýna içgi otaga girdi we oýlanyşyp oturan Selbä gözi düşdi.
Aýna: - Agyz gowmy ýagdaýlaryň? Näme beýle oýa batypsyňla?- diýip sorady.
Selbi: - Jorajan gowumy ýagdaýlaryň? Men-a öwerlik däl. Durmuşumda bir zat ýetmeýän ýaly. Hemme zadym ýerbe- ýer ýone bir boşluk bar – diýip uludan demini aldy.
Aýna bolsa: - Sen Guwanjy küýseýän bolaýma gyz?- diýip kikirdap güldi.
Selbi: - wah jora bildiň. Ol giden soň meniň durmuşum boşap galdy. Töweregim doly adam ýöne özümi ýalňyz duýýan- diýip gözüne ýaş aýlady.
Aýna bolsa güldide: -Agyz goý hany aglamaňýy. Bugün klasdaşymyz Arsalanyň doglan güni. Hemmämizi çagyrdy. Sen özüne gerekli adamy şol ýerden taparsyn. Nadaýersin şol diýýän boşlugun dolaýsa- diýip güldi.
Selbi Aýdanyň ýüzüne soragly nazary bilen geňirgenip seretdi. Aýna sözüni dowam etdi: - Ufff agyz beýle soragly seretmesene mana. Arslanyň doglan gününe Guwanç hem çagyryldy. Ol hazir gyşky rugsada gelipdir. Guwanç şol doglan güni bahanalap sen bilen görüşjekdigini aýtdy. Beýdip dünýäden doýan ýaly bolup oturmada tur geýin, gijä galarys- diýdi.
Selbi ejesi we kakasyndan rugsat aldy. Şeýdip iki jora agşamlyk Arslanyň doglan gününe gitdiler. Doglan günde Guwanjyn iki gözi Selbidedi. Guwanç doglan günüň gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Klasdaşlar geçen günlerini ýatlap, doglan güni has gyzykly geçrdiler.
Doglan gün gutaranyndan soň her kim öýli öýüne gaýtdy. Guwanç bilen Selbi bir köçede ýaşan soň ugurlary bir tarapady. Guwanç Selbini ugartmak magsady bilen onuň ýanyna geldi.
-salam Selbi.
-salam Guwanç. Okuwlaryň gowmy? Özünem sag amanmy?
-Şükür ýagşy. Hemme zat gowçulyk. Selbi eger sen garşy bolmasan, Aýna garşy bolmasa men seni öýňüze çenli ugradaýaýyn.
Aýna: - Wiii ol nämäň garşylygy? Men-ä garşy dal. Ýogsada men öýüm başga tarapda. Sen gaýtam selbä ýoldaş bolaryň. Siz gaýdyberin diýdi. Selbi hem garşy bolup durmady.
Ýolda Guwanç Selbä: - Selbi men sana öň hem seni söýýänligimi aýdypdym. Emma sen garşy bolupdyň. Meni şunça gynanyň hem ýetelik. Indi beýdip gynama. Ýat ýurtda seniň hyýalyň bilen ýaşamak maňa kyn düşýä. Iň bolmanda seniň maňa garaşýanlygy bilisem ýüregim azajyk hem bolsa ynjalyk tapardy. Selbi maňa “Ýok” diýme haýyş.
Selbi biraz wagt dymyp durdyda: “Men sana garaşaryn” diýdi. Guwanç bu sözleri eşidip gulagyna ynanmady. Guş bolup uçaýjak bolýady. Olar gürrüňleşip gelişine öýlerine nädip ýetenini duýman galdylar. Selbi Guwanç bilen hoşlaşyp oýune girip gitdi. Guwanç hem oýlerine gaýtdy. Bular ýygy- ýygydan duşuşup durýadylar. Ikisi hem juda bagtlydy.
Guwanjyň rugsady tamamlanyp, okuwa gaydyp girdi. Selbi bolsa ýene ýalňyz galdy. Emma ol öňküleri ýaly göwniçökdün daldi. Sebäbi ol Guwanjyň söýgüsine ynanýardy. Selbiniň Guwanja bolan söýgüsi, ynamy gaty güýçlidi.
Selbi ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw edýärdi. Ol şol arzuwyny amala aşyrmak üçin uniwersitete okuwa girdi. Guwanç hem onuň okuwa girenine juda begendi. Olar internet arkaly habarlaşyp durýardylar. Guwanç her gün hokman wagt tapyp Selbiniň halyndan habar alardy.
Selbi özüniň asylylygy bilen, owadanlygy bilen beýleki gyzlardan tapawutlanýardy. Okuwunada juda okdedi. Şol wagtlar Selbä kursdaşy Mekan söz aýtdy. Emma Selbi özüniň söýýäniniň bardygyny aydyp onuň sözüni almady. Ol dine Guwanja garaşýardy.
Yöne ine günleriň birinde Guwanç Selbi bilen habarlaşmagyny bes etdi. Selbi hem “Daşary ýurtda okamak aňsat dal. Elbetde wagty ýokdyr. Wagt tapyp özi habarlaşar” diýip, üns bermän geziberdi. Wagt geçdi Guwanç ýene öýüne gyşky rugsada geldi. Emma bu gezek ol Selbini idemedi. Hal ahwalyny hem biljek bolmady. Selbi Guwanjyň gelenini eşitdi we habarlaşmadygyna geň galdy. El telefonyna jaň etdi. Guwanjyň nomeri öçükdi. Selbi jorasy Aýnanyň üsti bilen Guwanjyň el telefonynyň nomerini tapdy. Jaň etdi. Guwanç telefony aldy:
-Alo.
-Alo Guwanç senmi?
- Hawa.
-Bu men Selbi.
-selbi tanadym. Hawa näme üçin jaň edýäň?
- wii toba. Berýän soragyň nähili Guwanç. Öýne gelipsiň habarlaşmadynam. Näme bolýa sana?
- Selbi mana hiç zat bolanok. Ýone indi biz duşuşmaly. Diňe dost bolup galaly. Men seni söýýämikam diýýädim. Emma bu diňe dostuk duýgusy eken. Men başga gyzy söýýän. Bagyşla – diýdide telefony goýdy.
Selbi duran ýerinde özüni oturgujun üstüne taşlap goýberdi. Onuň dünäýäsi başyna ýykylan ýaly boldy.
Selbi üçin hemme zadyň gyzygy gaçypdy. Dine okuw bilen ünsüni sowýady. Selbi bir hepde-de çöpe döndi. Selbiniň bu ýagdaýyny synlaýan Mekan bir gün selbini ýanyna bardy
-Selbi sana näme bolýa? Beýle horlanaýdynla? Ýa söýgülin bilen araň gowy dalmi? – diyip sorady.
Selbi bolan wakany gürrüň berdi. Mekan gyzyň ýagdaýyna ýüregi awady. Mekan öz içinden: “Eý Alla, bu gyzyň gözelligine, asyllylygyna, ozüni alyp barşyna bir seredä. Şeýle gyza dözüp taşlap giden şol oglana haýp. Namardyň işini edipdir” diýdi-de Selbä ýüzlendi:
-Selbi beýdip özüňi horlap ýörme. Häli wagt bar. Sen hökman bagtly bolarsyň. Maňa razylyk ber. Dogry sen meni söýeňok, ýone bir gün meni söýjegiňe gözüm ýetýä. Iň esasysy men seni söýýän. Meniň söýgim ikimizede ýeter- diýdi
Selbi: - ýok Mekan men razy bolup bilmerin. Men öz hasratym bilen seniň dünýäne aralaşyp bilmerin. Bu nähaklyk bolar. Bagyşla – diýdi-de umumy ýaşaýyş janyna girip gitdi.
Mekan bolsa: - Selbi men senin söýgiňi gazanmak üçin hemme zat ederin- diyip gyzyp yzyndan gygyrdy.
Şeýdip Selbi ýene ýalňyz ýoluny dowam etdi. Emma ol Guwanç bilen internet arkaly habarlaşyp durýardy. Guwanjyň söýýän gyzy bardy. Emma Guwanjyň hem Selbi bilen habarlaşasy gelýärdi. Selbi näçe garşy bolsada Guwanç Selbi bilen habarlaşmagyny bes etmedi. Selbä oz söýgülsi barada aýdyp berýädi. Selbi hem Guwanjy juda gabanýady. Guwanç Selbiniň gabanýanyny duýýady. Selbi bir gün Guwanja indi habarlaşmajagyny aýtdy. Guwanç muňa garşy boldy. Sebäbi Guwanç öz söýgülsinden gizlenip hem bolsa Selbi bilen habarlaşýady. Guwanç indi Selbiden aýrylasy gelenokdy. Selbi bolsa Guwançdan öýkeli. Indi Selbiniň durmuşynda Mekan bardy. Mekan Selbi üçin hemme zat ederdi. Ony juda söýýädi. Selbi Mekanyň söýgüsine sarpa goýýady. Şonuň üçin hem Mekanyň toý etmek baradaky teklibini kabul etdi. Toý sähedini ýanwar aýyna bellediler. Edil Şol aýda hem Guwanç öýlerine geldi. Ol Selbiniň jorasy Aýnadan Selbiniň toýy barlygyny eşitdi. Guwanç Aýna ynanmady we Selbä jan etdi.
-Alo
-Salam Selbi men Guwanç.
-Salam Guwanç. Gowmy?
- Şükür onat. Toýun bar diýip eşitdim. Çynmy?
-hawa toýum bar şu aýda.
-Hay selbi arany goýanymyza bir ýyl boldy. Eýýäm tapaýdynmy başgasyny. Toyada ýetişipsin. Bah hälem sen bilen arany goýanym bolmasa meni aldaýjak ekeniň- diýdi.
Bu sözlere Selbini göwni agyrdy.
-Guwanç şu sözleri sen aýdýanmy? Men sana garaşyp ýörkäm sen başgany söýüp bildin-ä. Sen gaty namart ekeniň seni dostum diýmägede utanýan- diyip telefony goýdy.
Toý bellenen gününde bolup geçdi. Selbi ak köýnede jennet perişdesi ýaly owadan gelin boldy. Toýundan son Selbi Mekan bilen juda bagtly ýaşap başlady. Mekan Aşgabat şäherinden öý aldy we bolek ýaşap başladylar. Guwanç bolsa rugsat wagty gutarmanka okuwna gaydyp gitdi.
OLARYŇ GITMEGI BILEN GYŞ HEM WAGTYNDAN ÖŇ TAMAM BOLDY.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş