Запись - Öldi diý.

Öldi diý.

Bir gün senden sorasalar men hakda,
"Men bilemok birzatlara boldy" diý!
Ýene gaýta gaýta sorag berseler,
"Meniň birje sözüm üçin öldi" diý!

Ol näme söz sorasalar ýene-de,
"Ol durmuşdan geregini aldy" diý!
"Bir men bilen bir ömüri geçirmek
Bar islegi, bar arzuwy şoldy" diý!

"Ony däl-de arzuwlarymy saýladym.
Ol hakynda pikirlerim söndi" diý
"Ýok-ýok gorkmaň ol entegem ýaşap ýör
Diri halda ömür baky öldi" diý!
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş