Запись - ILON MASK ÝENE ABŞ-NYŇ INŇ BAÝ ADAMY BOLDY

ILON MASK ÝENE ABŞ-NYŇ INŇ BAÝ ADAMY BOLDY




Ilon Mask Forbes žurnaly tarapyndan her ýyl düzülýän ABŞ-nyň iň baý 400 adamlarynyň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.

Neşir SpaceX-iň we Tesla-nyň eýesiniň baýlygynyň 251 milliard dollara barabar bolandygyny çaklaýar, bu geçen ýylky görkezijä deňdir, Mask hem bu sanawda birinji orunda durýar. Ikinji orunda Amerikanyň Amazon korporasiýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos (161 milliard dollar), üçünji orunda Oracle korporasiýasynyň döredijilerinden biri Larri Ellison (158 milliard dollar) durýar. Dördünji we bäşinji orunlary Berkshire Hathaway kompaniýasynyň başlygy Warren Baffet (121 milliard dollar) we Google korporasiýasynyň esaslandyryjylaryndan Larri Page (114 milliard dollar) eýeledi.
Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts 111 milliard dollar bilen sanawda altynjy orny eýeledi.
Forbesiň bellemegine görä, 400 baý amerikalynyň baýlygy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 500 milliard dollar artypdyr.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş