Запись - IMO gülkili goşgy

IMO gülkili goşgy

😂 imo 😂
Diňläň aýtjak bir zady,
Asla düýtmez zarýady,
Görýäs şonda, bar zady,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Munda zadyn satjagam,
Munda köýnek aljagam,
Her kim belli boljagam,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Seniň bilen hemmeler,
Istoriýa görüp aňňalar,
Çaý berenok ýeňňeler,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Sözleriň saýlap betini,
Ýazardyk söýgi hatyny,
Açmazlar depder gatyny,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Goýmak moda geýýäniň,
Her kim goýýar iýýänin,
Tapan kändir söýýänin,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Dädiş diýer her günde,
Telefon hemmäň ýanynda,
Zarýatnigam düýbünde,
imo çykany bäri!
😂😂😂
Awtor: Dädiş Berdiýew
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş