Запись - Gyzykly maslahat.

Gyzykly maslahat.

Hergün irden siziň hasabyňyza 86.400 Amerikan dollaryny kredit hökmünde geçirýän bank bar diýip göz öňüňize getiriň. Ýöne hasabyňyza geçen şu günki pullary ertire geçirip bolmaýar, diňe şu güniň dowamynda ulananyň ulananyň. Möçberi näçe bolsa-da ulanmadyk pullaryňyz hergün gije hasabyňyzdan aýrylýar. Şeýle ýagdaýda näme ederdiňiz? Elbetde iň soňky köpügne çenli ulanmaga çalşardyňyz. Aslynda welin hemmämiziň hem şeýle ýaly bankymyz bar. Ady hem „ÖMÜR” Her gün irden hasabymyza 86.400 sekund kredit geçirýär. Her gün agşamam gowy ýerlerde, ýagşy işlerde sarp edip bilmedik bölegmizi bozup, hasabymyzda zyýan edip ýazgy geçirýär. Hiç hili ýagdaýda ertesi gün gaýtalanmaýar we hiç hili artyk ýa kem ulandyrmaýar. Hergün biziň adymyza täze hasap açýar we agşamam galyndysyz edip ýapýar. Eger günlik hasabyňyzy ýerlikli ulanyp bilmedik bolsaň onda zyýan çekdigiň bolýar. Yza ýol ýok. Ertirdenem awans alyp bolmaýar. Şugünki hasabyňyzy diňe şugünki depozitleriňize ulanmaly. Şoňa goýum goýsaňyz size saglyk, şatlyk we üstünlik bolup gaýdyp geler. Wagt akyp gidip barýar, siz günüňizi peýdaly geçirmäge çalyşmalysyňyz. Bir ýylyň gymmatyna düşünmek isleseňiz, synpyndan galan okuwça soraň. Bir aýyň gadyryny bäbegini wagtyndan ir dünýä getirmeli bolan enä soraň. Bir hepdäniň gadyryny bilmek isleseňiz, hepdelik jurnal çykarýan Redaktora soraň. Bir minudyň gymmatyny gitmeli bolan otlusyndan azajyk gijä galan bir adama soraň. Bir sekundyň gymmatyny bilmek isleseňiz, batly gelýän awtoulagyň aşagyna düşmekden zordan halas bolan adama soraň. Bir millisekundyň gymmatyny bilmek isleseňiz, olimpiýadada 100 metre ylgama ýaryşynda kümüş medal gazanan adama soraň.
Eliňizde bar bolan her pursadyň gadyryny biliň. Wagtyňyza örän aýawly çemeleşiň. Wagtyňyzyň we Ömrüňiziň hiç haçan hiç kime garaşmaýanlygyny hem ýatdan çykarmaň. Düýniňiz eýýäm taryh boldy. Ertiriňiz hem näbelli. Şu günimiz, biziň aýamyza goýlan, bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr.
Teswirler 3
Dashlap gordun oytyan 😃

11 Окт 2023, 22:05
0
biriniñ mashynny dashlap gor any ertir nam chekyaniñi bilersiñ😂
11 Окт 2023, 13:33
0
Yonetmencik_06
ответил(-а) MaGNuM

Dashlap gordun oytyan. 😃


11 Окт 2023, 22:07
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş