Запись - 14-nji oktýabrda Gün tutylmasy bolar

14-nji oktýabrda Gün tutylmasy bolar




14-nji oktýabrda şu ýylyň iň soňky Gün tutulmasy bolar. Şol gün Ýeriň ilaty Gün tegeleginiň halka öwrülmegine tomaşa edip bilerler. Bu halka şekilli Gün tutulmasydyr, sebäbi Aý Günüň şöhlesini doly ýapmaz, onuň diňe merkezini ýapar we ýagty halkanyň täsirini döreder. Bu barada “Izwestiýa” gazeti habar berdi.

14-nji oktýabrda Gün tutulmasy belli bir koridordan geçer, onuň yz ýany - 23-nji oktýabrda bolsa Aý tutulmasy bolar.

ABŞ-nyň, Merkezi Amerikanyň, Kolumbiýanyň we Braziliýanyň ilaty bu astronomiki hadysany synlap bilerler. Gün tutulmasynyň başlangyjy Ýuwaş ummanyň akwatoriýasyndan başlap, soňy Karib deňzinde görner. Dünýäniň esasy obserwatoriýalary bu çäräni ýaýlyma bererler.

Gün tutulmasynyň doly fazasy takmynan 5 minut 17 sekunt dowam eder diýlip garaşylýar. Emma astronomiki hadysany goragsyz göz bilen synlamagyň howpludygyny ýatdan çykarmaly däldir. Gözüň howpsuzlygy üçin optiki enjamlar bilen gorag plýonkasyny ulanmak has gowudyr.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş