Запись - XXI asyryň iň gorkunçly kinosy belli boldy

XXI asyryň iň gorkunçly kinosy belli boldy




XXI asyryň iň meşhur we ýokary hilli gorky (horror) filmleriniň 30-synyň sanawy düzüldi. Bu barada «Rossiýskaýa gazeta» habar berýär.

Sanawda psihologik we sosial äheňli filmleriň, zombi-horror komediýalarynyň hem-de täze nusgawy filmleriň bardygy bellenilýär. Şeýlelikde, Jordan Piliň režissýorlyk eden «Ýok bol!» (Get Out, 2017) filmi sanawyň birinji ornuny eýeledi. 2017-nji ýylda çykan detektiw-satirik gorky filmi köp sanly baýraklara, şol sanda iň gowy ssenariýa üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.
Ikinji orunda şwesiýaly režissýor Tomas Alfredsonyň 2008-nji ýylda surata düşüren «Meni içine goýber» filmi durýar. Ol Ýun Aýwide Lindkwistiň romany esasynda ekranlaşdyryldy. Öz döwründe bu film «Saturn» baýragyna mynasyp görüldi. Ilkinji üçlügi Ari Asteriň «Reinkarnasiýa» filmi jemleýär. 2018-nji ýylda surata düşürilen bu film amerikaly režissýora meşhurlyk getirdi.
Şeýle hem ilkinji 30-luga Günorta Koreýanyň «Gykylyk», «Busana barýan otly» gorky filmleri we «Dinozawryň topulmagy» atly film girdi. 2000-nji ýyllaryň iň meşhur filmleriniň biri bolan «Byçgy: Diri galmak oýny» bolsa ýedinji orny eýeledi.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş