Запись - Aýyň ýaşy çak edilişinden 40 mln ýyl uly bolup çykdy

Aýyň ýaşy çak edilişinden 40 mln ýyl uly bolup çykdy




4 milliard ýyldan gowrak wagt ozal, Gün ulgamynyň emele gelen döwri, Ýer Marsyň ululygyndaky obýekt bilen çaknyşýar. Çaknyşmanyň netijesinde zyňlan böleklerden hem Aý emele gelýär, ýöne onuň emele gelşiniň takyk wagty syr bolup galýar.

Muny anyklamak üçin täze gözlegde alymlar 1972-nji ýylda Apollo programmasynyň astronawtlary tarapyndan Aýdan getirilen regolit nusgalaryny ulandylar. Olaryň açyşy Aýyň öň çak edileninden 40 mln ýyl uludygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Indi Ýeriň tebigy hemrasynyň ýaşy 4,46 mlrd ýyldan gowrak diýlip hasaplanylýar diýip, ixbt.com belleýär.
Regolitde milliardlarça ýyl ozal emele gelen ownujak kristallar saklanýar. Bu kristallar Aýyň, ähtimal, dörän wagtynyň esasy görkezijisi bolup hyzmat edýär. Marsyň ululygyndaky obýekt Ýer bilen çaknyşyp, Aýy emele getirende, urgynyň energiýasy materialy eredýär we netijede Aýyň üsti emele gelýär. Bu ilkibaşda Aýyň üstüniň erän görnüşde bolandygyny, soňra onuň magma ummanynyň sowamagy netijesinde materialyň gatandygyny aňladýar.
Aýyň üstündäki kristallar hem şol sowama prosesi wagtynda emele gelipdirler we olaryň düzümi gözlegçilere olaryň ýaşyny we Aýyň ýaşyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, bu möhleti kesgitlemek aňsat däldi. Käbir gözlegler Aýyň ýaşynyň 4,24 mlrd ýyldygyny görkezdi, ýöne soňky kristal gözlegleri Aýyň ýaşynyň has uly bolup biljekdigine ünsi çekýär.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze seljerme usullary kristallaryň has öň dörändigini tassyklaýar. Atom-zond tomografiýasy diýlip atlandyrylýan bu çemeleşme kristallardan atomlary bugartmak üçin lazeriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Soňra bu atomlaryň massasyny kesgitläp, uranyň we gurşunyň dürli izotoplarynyň paýyny ölçemek bolýar. Uranyň radioaktiw dargamanyň netijesinde wagtyň geçmegi bilen gurşuna öwrülýändigi sebäpli, bu proporsiýa kristallaryň ýaşyny görkezip biler.
Şeýlelik bilen, gözlegçiler topary nusgalaryň ýaşyny, onuň üsti bilen bolsa Aýyň ýaşyny takygrak kesgitlemegi başardylar.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş