Запись - 🌿🌿🌿

🌿🌿🌿

***

Kitap dükany.
Jübüňde kör-köpük ýok.
Ýene ýüzüň sallanar.
Gaýdyp ge:rsiň otagyňa:
Öý eýesi aýal, äri, galmagal.

Özüňi ýazgarma.
Akmaklyk. IMO.
Ak-gara kino.
Betnyşan arzuwlar.
Myrryh umytlar.
Körpeler.
Ulular hem tagtabitler.

Bulutlaň golaýy.
11-nji gat.
Özüň ýere pylçamaklyk hyýaly.
Göýä bärde ejeň öýi bar ýaly
Läliksiräsiň gelmek.

Ýassyksyz ýadawlyk.
Birkemsiz düşek.
Eller, ýüzler uklady,
Gözün açdy gelmişek.

Suraý Babanyýazowa
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş