Запись - Söhbet Döwletow "Enä söýgi"

Söhbet Döwletow "Enä söýgi"

Enedir - her näçe gamgyn bolsa-da,

Seniň bagtlylygňa buýsanyp, gülýän.

Käbä deňäp, söýülýänje ynsanyň

Adyn tutup, nädipler sögüp bilýäň?



Dillerden düşürmän söýmegiň ýerne,

Sögülýär, dillerden düşürmän mydam.

Aýagnyň astynda jennetli enä

Sögdürýän adam - şol iň soňky adam.



Sözleýärler, adyn tutup sögünçde,

Edil, gowy zat deý, öwrüldi däbe.

Eger ynsanlygňyz çyn bolýan bolsa,

Sögmäň hem sögdürmäň, mukaddes Käbä.



Eý adamzat, bil gadryny dirikä,

Eneň barka täç et başa, söý ony.

Geçiren ukysyz bir gijesine,

Ömrüň ýetmez, ödemäge seň muny.



Kimiň,

Haçan,

Näm boljagy belli däl,

Şoň üçin degmäliň, enäň göwnüne.

Begendirip, güldüreliň biz ony,

Goý, bir minut goşalyň oň ömrüne.



Söhbet Döwletow

24.12.2023ý.
Teswirler 5
Sag bol 😀😀
27 Дек 2023, 17:34
0
Galamyň ujy ýiti bolsun.👍
27 Дек 2023, 10:26
0
Olya
ответил(-а) Sohbet_D

👌👍

28 Дек 2023, 11:06
Показать все ответы 2
Gowy setirler👍👍
26 Дек 2023, 23:00
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş