Запись - Ilkinji gijäni aldan ýigit...(bolan waka)

Ilkinji gijäni aldan ýigit...(bolan waka)

Mergen biriniň ýekeje oglydy.Ene atasy ony hiç zada zar etmän ulaldypdy. Mergen orta okuwy gutardy. Daşary ýurda okuwa girdi.Ol ýerde Mergen Zywa atly gyz bilen tanyşýar we ony gowy görüp galýar.Mergen okuwyny tamamlap öýlerne geldi. Indi atasy Mergene öz dostunyň gyzyny alyp bermegi ýüregine düwdi. Mergen hiç wagt ene atasynyň sözini iki diýdirmeýärdi. Mergen işe ýerleşdi. Zywa bilen bolsa telefonda günde gürleşýärdi. Atasy Mergeni ýanyna çagyryp öz dostunyň gyzyny alyp berjekdigini aýdýar. Mergeniň ýüzi gyzaryp näme diýjegini bilmän, zordan
-Kaka,meň gowy görýan gyzym,bar. diýende kakasy- Men başga gyzy bilemok,men dostuma söz berdim şol aýdan gyzymy alarsyň- diýýär. Mergen Zywa jaň edip baryny aýdýar. Zywa hem: - Bagtly bol onda
- Ýok, Zywa men oňa öýlenmerin,maňa garaş- diýýar.Zywa hem telefony öçürýär. Mergeniň ene atasy gudaçylaga gidip toý sähedini belleýäler. Mergen Zywa jaň edýär hiç almaýar. Mergeniň toý etmeli güni ýetip geldi. Olar ulydan toý etdiler. Toý gowy geçdi. Mergen bilen gelni birinji gijede öz jaýlarynda. Mergen gelniň ýüzünede seretmedi. Diňeje:
-Men seni gowy göremok,meň öz halaýan gyzym bar,saňa bolsa atamyň sözini ýykmadygym üçin öýlendim. Sen meň ýanyňda galsaň sen bagtly bolup bilmersiň,gowsy sen git-diýýär.
Gelin: - Siz näme diýseňiz şol bolar,maňa ene atam baran ýeriňde adamyň seň ikinji hudaýyňdyr,şoň aýdany bilen bolmaly bolarsyň diýdiler.
- Onda men häzir seni bärden gider ýaly ederin,sen sesiňi çykarma- diýýärde, ala goh edip gygyryp daşary çykýar:
- Maňa alyp bereniňiz şulmy ýok ediň ony,maňa gerek däl ol-diýýär. Gelniň ýeňňesi ýanyna girip gelni öýlerine äkidýär. Mergen bolsa ertesi irden Zywa jaň edýär. Zywa telefony alýar. Mergen bar bolan zady alýar we maňa durmuşa çykarmyň diýýär. Zywa bolsa:
-Sen erkek işini etmänsiň,ol alan gyzyň bolsa gelen gününden öz gelinlik borjyny edipdir a sen bolsa namart bolupsyň,ol gyza şeýdip bilen adama men durmuşa çykjak däl- diýip telefony öçüripdir. Ol öýüne giden gelin bolsa ene atasy öz gyzyny gowy tanaýanlygy üçin gyzyna ynanypdyr we başga ýere göçüp gidipdirler. Ol gyz başga birine durmuşa çykýar we bagtly bolýar. A Mergen bolsa şol birinji gijede aldap öz bagtyny ýitirýär. Zywa hem başga birine durmuşa çykýar. Mergen bolsa özini ýitirýär,kellesi üýtgeýär.
Teswirler 10
Samsyk ekeni bu mergen adyna layyk dal eken
5 Янв 2024, 14:54
0
Samsyk mergen
2 Янв 2024, 04:44
1
Haha 😂 yone boup duram sholaryaly zatlar
1 Янв 2024, 18:13
0
Alan gyzy gowy akylly eken kowmalam dal eken
1 Янв 2024, 13:47
1
ainurka_mmm
ответил(-а) KING-09

da

1 Янв 2024, 15:33
Показать все ответы 1
yebanuty mergen😂
1 Янв 2024, 12:57
0
кар
ответил(-а) KING-09

bo 😒

3 Янв 2024, 21:31
Показать все ответы 4
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş