Запись - Aldanan gyz.

Aldanan gyz.

(Durmuşdan alynan bolan waka)

Bu gün içimdäkini ýazasym gelyär,
Ýazmasam gussalar ýüregimi dilýär,

Dert üstüne dertler basýar üstümden,
Kä ejiz men, dertler diýýä üstün men.

Ýazjak ýazjagyma köp wagt boldy,
Boldy indi çydamok sabyrym doldy.

Bu waka bir gyzyñ durmuşy hakda,
Adamda wyždanlyk çykypdyr çakdan.

Ol gyzyñ gözleri umman ýalydy,
Bir giden akyldy, giden manydy.

Gözlerine gaçsañ çykmak hyllalla,
Jadymyka diýdim biri bar Alla.

Gabagy gülgüne bägül mysaly,
Ýakynlaşsañ kirpik çümaýjek ýaly.

Gaşyda gelşikli görseñ edil ýaý,
Inçeden owadan täze dogan aý.

Gyzarypjyk duran ýañaklary nar,
Gyjynyp şo ýerden dişlejegem bar.

Kiçiden, enaýy dodagy gyzyl,
Makýajsyz arassa tebigy gözel.

Boýy bir altmyşdy, ýaşy on alty,
Köp ýigit isläpdi şu gyzdan bagty,

Biline ýetýärdi saçy bir gujak,
Ýetseler şol saçda köpdi uklajak.

Daşky gözelligi çekilen surat,
Içki gözelligi aýratyn sungat.

Namaz-orazaly dilinde Alla,
Päkize ýürekli, Elhamdulilla,

Akylly, edepli, mylaýym, sada,
Edebi taý gelýär gymmatly zada.

Bu gyzy bir oglan gowy gören eken,
Bir aýlap yzynda ýalbaran eken.

Daýysyna aýdypdyr ol, çydaman,
"Yzymdan galanok bu samsyk haýwan".

Daýysyndan iki şapbat degsede,
Galmandyr yzyndan ursa söksede.

Zat bolmadyk ýaly ýene yzynda,
Diýipdir "ölsemem galman yzyñdan".

Gyzyñ, ýüzüne bakyp diýipdir "söýýän,
Meniñ bu halyma sen nädip dözýäñ".

Oglanyñ sözleri göwnün hoşlapdyr,
Gyz pikirini üýtgedip başlapdyr.

Oglana ozüni ynanypdyr ol,
Söýgiñ alawyny görmändir ozal.

Üç aý gürleşipdir diñe ulgamda,
Hapa pikir dörän eken oglanda.

Gije sagat üçde barjak diýipdir,
Aý ýaly ýüzüñi görjek diýipdir.

Oglanyñ şertine kaýyl bolupdyr,
Gije sagat üçe taýyn bolupdyr.

Ýetip gelipdi diýilýän pursat,
Ýürek çalt urupdy, gürsüldäp gursak.

Asman hem owadan ýyldyzly gije,
Otyrlar gürleşip, gülüşip bileje.

Ilkinji duşuşyk bolupdy tamam,
Bu gezek öýüne gaýtdy sag-aman.

Gyz-a tolgunjyrap öýüne barýar,
Oglan hem yzyndan seredip durýar.

Täzeden jañ etýär, "çyk ýañky ýere",
Ikinji gezek hem barypdyr ýene.

Bagryna basypdyr, zorlapdyr birden,
"Bagyşla" diýip bu hereketimden,

Şu söýmekden heý-de söýmek bolarmy?
Wyždansyz! Namysa degmek bolarmy?

Ýatman aglapdyr ýassygyny ölläp,
Hiç kime bildirmän hemmeden gizläp.

Agyr degipdir, bu bolan waka,
Gyz oglany indi bagyşlarmyka.

Gyzyñ geljeginiñ şöhlesi öçen,
Janyna kast edip gyz awy içen.

Güýji pes eken, başyny aýlapdyr,
Özüni ýigrenip zaryn aglapdyr.

Ynanan oglany durmuşyn ýakan,
Siz bir gaýtalamañ sersap saklan.

Oglanlar sizede aýtjak sözüm bar,
Bir gyzyñ ömrüni ýaksañ neneñ bor.

Mysal alyp görüñ, hemmämiz adam,
Dosdumyz, tanşymyz hem ýedi ýadam.

Öz durmuşyñ ýansa nähili bolar,
Ody ozüñe bas başgadan ozal.


01.11.2023. 04:37

Merdan Nuranow.

Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş