Запись - Durmuşa sorag.

Durmuşa sorag.

Durmuş, saňa soragym bar!
Ne üçin berýäň bize ezýet?
Adamlary gamlandyrman,
Senem şatlan, senem hezil et!

Aýtsana seň aryň barmy,
Näme isleýäň ynsanlardan?
Indi bizä halys irdik,
Seň jogapsyz mysallaňdan.

Aglap otyr hanha zürýat,
Ýitiripdir käbesini.
Gam derýada gark etjekmi,
Alyp elden gämisini?

A-how..
Hany sende ynsap nirde,
Ýa ýuwutdyňmy lember-lember?
Haýyşt saňa, iň bolmanda,
Ýetimlere bir gün ber!

Nalap otyr bir görgüli,
Saňa bolan höwesi ýok.
Şu bolşuňa-ra seni,
Hiç bir adam söýesi ýok.

Ejiz görseň lezzet alýaň,
Aladaň ýok kömek etmek,
Bar maksadyň, oý-pikiriň,
Ejizleri ezip gitmek!

Adam pahyr arzuw etýär,
Senem oňa garşy çykýaň.
Dillensene hötjet durmuş,
Şeýdip bizden näme utýaň?

Ýalan söýgem seň işiňmi?
Söýeni çatýaň söýmeze.
Şular ýaly hokgalaňdan,
Giň dünýäde dar bize.

Tanatsana sen özüňi,
Jenapmy ýa hanymmy sen?
Iň gyzyklanýan soragym,
Durmuş, şeýle zalymmy sen?

03:40.

27.12.2023.

Awtory:Merdan Nuranow.
Teswirler 4
sular yaly basga gosgulan bamy
5 Янв 2024, 14:34
0
salam

5 Янв 2024, 14:34
0
AKG
ответил(-а) M.N

hmm aha ok

6 Янв 2024, 13:03
Показать все ответы 2
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş