Запись - Moda boldy.

Moda boldy.

"Sowapdan pul gelmez" diýip,
Diniň ýoly ýoda boldy,
Utançsyz gyz açyk geýnip,
Ten görkezmek moda boldy.

Söýýän diýip berip wada,
Ertesi gün atyp oda,
In soňunda galyp ýolda,
Ýalan söýmek moda boldy.

Ýazgytda bar bir gün ölseň,
Ýaryn aglar gözüň ýumsan,
Kyrk gün aglap, kyrkyňdan soň
Ýar tapynmak moda boldy.

Ejizleri ezýänler kän,
Şoňa nädip dözýärlerka,
El uzadyp kömek etmän,
Basyp geçmek moda boldy.

Garyp galsa öz başyna,
Kemli gararlar işine,
Emma, barlyň ýalňyşyna,
El çarpyşmak moda boldy.

"Zor sen",göwün açylýança,
Şampan,şerap içilýänçä,
Pul baýlygyň eçilýänçäň,
Ýaranjaňlyk moda boldy.

Adam ogly bu ne ahwal,
Geljegiňe parhsyz bakyaň,
Şu gün şular moda bolsa,
Ertir beteri bolmagy ahmal.

Merdan Nuranow.

Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş