Запись - Aýdyşyk

Aýdyşyk

🙎‍♀️
Sorag berýän öz - özüme käteler,
Ýöne jogabyny tapamok heniz.
Bilýän bolsaň jogabyny aýdaý sen,
Menem şonda oýa batmaryn hergiz.

🙎‍♂️
Ber hany soragyň eşideýin menem,
Çekinme arkaýyn, soraber hergiz,
Başardygymdan jogap bererin,
Soragyň nämedir, aýtda gözel gyz?!

🙎‍♀️
Onda diňle, Soragyma şeýleräk,
Aý bilen Gün bir-birine gelişýär,
Sebäp barmy, hersi aýra dogmagyna?
Ikisi hem nurana şöhlesin saçýar.

🙎‍♂️
Diýeli, "Gün" kaka, "aý"bolsun eje,
Ýer şar hem olaryň perzindi bolsun,
Gezekleşip nurlandyrýar ýer şary
Sebäp perzendidir arzuwnyň bary.


🙎‍♀️
Asman dökýär göz ýaşyny jyglaýyp,
Zemin bolsa göz ýaş bilen ezilýär.
Sebäp näme gök asmanyň aglaýyp,
Bu goja zeminiň ezilmegine?

🙎‍♂️
Gök asman ejizläp göz ýaşyn dökýär,
Bu köne durmuşyň azaplaryna,
Zemin bolsa ezilip palçyga dönýär,
Çydaman adamlaň gazaplaryna.

🙎‍♀️
Sebäp näme gözel gyzyň söýülip,
Merdem ýigdiň bolsa söýülmezligne?
Sebäp näme söýülmedik ýigidiň,
Indi asla söýgä ynanmazlygna?

🙎‍♂️
Kä gyz üçin ilki baýlyk halanar,
Olaryň söýülmek ýüregine düşýär.
Hany aýdypdyra ata-babalar,
"Süýtden agzy bişen,
Suwy hem üfläp içýär"

17.12.2023

Awtorlary
Gulia Maksatmyradowna & Merdan Nuranow.


Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş