Запись - Söýmeýän indi.

Söýmeýän indi.

Sadadym, şadyýan arassa göwün,
Bar zadym ýeterlik birje zat kemdi,
Doldy kemçiligim, ýalňyşdym şo gün,
Bar zadym ýitirdim söýmeýän indi.

Ne sadalyk galdy, ne-de bir gülki,
Öň beýle söýmändim, söýgimdiň ilki,
Bir gün başgasyny söýerin belki,
Seni söýşüm ýaly söýmeýän indi.

Dogryla, gatyrak ýüz berdiň maňa,
Bagyşla, ýüregim berdim men saňa,
Her gün, her sagat ýada salsamam,
Düýşümde görsemem söýmeýän indi.

Monça bolardym ýürekden gülseň,
Mertlik bilerdim dertleriň alsam,
Menem seňki ýaly dert beren bolsam,
Bagyşla, gaýtalap söýmeýän indi.

Gaýtlamak nirde hyýal etmeýän,
Söýgi ýodasyndan ädim ätmeýän,
Diýäler "dost söýgi zyýan etmeýär",
Söýgiden peýda ýok, söýmeýän indi.

M.Nuranow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş