Запись - Iç gepletmäm.

Iç gepletmäm.

Menem goşgy ýazýan bolşuna görä,
Ýöne gyzyklanyp okaýanlar az,
Dogrylary ýazýan bilşime görä,
Ýa çynyň gymmaty gaçaýdymyka?

"Beýle bolsa... menem ýazjak ýalany"
Diýip pikir etsem ýazyp bilemok,
Ýigrenýänim ýalan söz, ýalan bolany,
Öz-özümden toslap düzüp bilemok.

Ýada öwünemok men şahyr diýip,
Öwünmeklik şahyrlara gelişmez,
Men-menlik edemok men jahyl diýip,
Aslynda jahyllaň sözem alyşmaz.

Ýa şahyrlyk, starždan ölçelýärmikä?
Onda men talyp däl ýada köp okan,
Okamamda näme artykmaç kitap,
Kyn günler sapagym,Durmuş halypam.

Ýada, mekanyma bagly zatmyka?
Beýle bolsa... men bir oba oglany,
Meň üçinä esasy zat ukypda,
Saýlanmaz ukyplyň nirde doglany.

Ýada, bu ýagdaýa pul sebäpmikä?
Barlynyň ýazany ýyldyz bolup dur,
Pulum az bolsada mugt ýazýan goşgym,
Olar goşgusyna töleg alyp dur.

Menem wagt gidirýän şolaňky ýaly,
Ukymdanam ga:lýan ýary gijeler,
Olaň goşgulary laýkdan doly,
A meniň goşgulam haçan güýç alar?

Dogry, hemmelriň basdaşy bardyr,
At dakan bolaýalar goşgy goşdugy,
Gorýän welin,
Göwnümemi şu günler,
Maňa at dakýanyň artýar muşdagy.

Ýa menem birine at daksammykam?
Uçjak bolýan guşuň ganatyn döwüp.
Ýok ýok, beýle zada wyždanym çatmaz,
Gaýta güýç bereýin sungatyn öwüp.

Şahyr bolmak duýgularňa täsirli,
Biri gynanaýsa göwünlik berýäň,
Senem deň çekişýän,çekýän jebrini,
Tä gülýänçä şoňa gynanyp ýörýäň.

"Bolýalaý şu kärimi goýaýyn" diýsem,
Içimde pikirler möwç alyp barýar,
Şolary kagyza ýazyp bilmesem,
Gursagym goşgyny gaýtalap durýar.

Käşgä şu ukyp berilmesedi,
Ozüme biderek dertler almazdym,
Kyn güne düşeniň derdin çekişip,
Şatlygy paýlaşyp gülkä gülmezdim.

Heý... ýada ýazaýan goşgym gödegiräkmikä,
Ýazýaryn adamlaň göwnini ýykman,
Bolýalaý, ýazaýyn bolşuna görä,
Maňada düşünjek tapylar hökman.

M.Nuranow
Teswirler 3
🥰🥰🥰✊ udaci brat
2 Мар 2024, 18:40
0
Goshgylaryn kop yazyanlarynka seredende tapawutly! Ruhdan dushme sanada durmush gulup bakar!
12 Янв 2024, 18:26
0
M.N
ответил(-а) Mrj

Olam bir gün bolar nesip bolsa

13 Янв 2024, 00:55
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş