Запись - Söýmek üçin.

Söýmek üçin.

"Söýmek üçin ynam gerek" diýdiler,
Ynanarsyñ,hiç hili bir müýn etmän,
Ynam berseñ samsyk saýýar adamlar,
Görenok diýip yzyñdan ikilik etýär.

"Söýmek üçin sylag gerek" diýdiler,
Hormatlap sylarsyñ özüñden beter,
Sylag-hormaty bilmeýän haýwan,
Seni adam saýmaz gulydyr öýder.

"Söýmek üçin mähir gerek" diýdiler,
Menem berdim,öz mährimi gysganman,
Diñe mähir däl, ýüregimem berdim,
Ol bolsa 5 minutlyk sesin gysganýar.

Söýmek üçin dogry adam tapmaly,
Ýalñyş bolsa söýmekligem peýdasyz,
Söýeni, söýjege duşursyn Allam,
Bagtly durmuşda gülsin ýüzümiz.

M.Nuranow
Teswirler 5
😍😍😍😍
2 Мар 2024, 18:42
0
Ayralyk dalde dine soygi barada onunden sagbolun kop kop
14 Янв 2024, 14:50
0
Diñe soygi barada goshgular goyayyn plz
14 Янв 2024, 14:50
0
Söýeni, söýjege duşursyn Allam,
Bagtly durmuşda gülsin ýüzümiz.
😍👍
13 Янв 2024, 01:58
0
M.N
ответил(-а) B_y

😊

13 Янв 2024, 15:52
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş