Запись - Eýesi boldyň.

Eýesi boldyň.

Ýadyňdamy, "söýýän" diýip söz aýtdym,
Şonda sen, tolgunyp çalaja güldiň,
Meniň bu sözüme ýalandyr öýitdiň,
Aslynda söýgimiň eýesi boldyň.

Bilýäňmi,men seni niçik söýýädim,
Seni söýüşim ýaly heniz söýmändim,
Alnyma ýazylan bagtym saýýadym,
Şübhesiz ynamyň eýesi boldyň.

Ara daş bolsada söýýädim seni,
Ýürekden söýüpdim, saklap edebi,
Derdim ýeňlärdi,eşitsem sesiňi,
Ýeke-täk dermanyň eýesi boldyň.

Saňa söýgim tutaşýardy gün-günden,
Sen bolsa, üýtgemediň," ýok" sözüňden,
Pula seriň gidip, geçipdiň menden,
Ahmyrly söýgimiň eýesi boldyň.

Sen gidensoň, ýürek da:şa öwrüldi,
Duýgularym,söýmezligi öwrendi,
Seň üçindir gamly goşgyň her bendi,
Aýralyk temamyň eýesi boldyň.

M.Nuranow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş