Запись - Garyp bolsaň

Garyp bolsaň

Garyp bolsaň, arzyň diňlemez iller,
Aglaňda gynanyp, gülkä gülünmez,
Ýarym teşne bolar ýarym göwünler,
Garybyň kösenji göze görünmez.

Garyp bolsaň, gara başyň görgidir,
Görginiň içinde tapar çöreginem,
Bir gün nagt bolsa, bir gün bergidir,
Arzuw edip, alyp bilmez geregnem.

Garyp bolsaň,arzan zada ylgarsyň,
Geýinersiň, sadadan bolşuna görä,
Ýylgyrsaňam, aladaly ýylgyrsyň,
Içiňde ençeme soraglar dörär.

Garyp bolsaň, kömek etjek tapylar,
Zyýan beräýjekler köpüräk bolar,
Üssüňden basarlar ýokardakylar,
Dişiňi gysarsyň, damagyň dolar.

Garyp bolsaň,bolmaz owadan jaýyň.
Şükür etýäň, öýüň ýyljaklygyna,
Arkaňdan ediljek geplerem taýyn,
Zat tapman adamlaň güljeklerine.

Garaz, garyplaryň görgüsi ýetik,
Eden arzuwlaryna bilmeýär ýetip,
Şularam köp görýän käbir adamalar,
Ýalandan doýurýar, töhmedin atyp.

Ýeri seniň onda aryň bardymy,
Ýa haykyň iýdimi, hile gurdumy?
Boş samahyllap gürlänem bolýaň,
Garyplygyň çekip görmän derdini!

Garyplary kemsitmäliň adamlar,
Durmuş sapagynda düwünleri bar.
Olarda millionlap pul bolmasada,
Ynanyň, kiçijek göwünleri bar.

05.12.2023

M.Nuranow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş