Запись - Indi sadalykdan zyýan çekýän köp.

Indi sadalykdan zyýan çekýän köp.

Diýdiň "sadalykdan zyýan çeken ýok",
Zyýan çekdim, ýalňyşypsyň şahyrym!
Gazaply durmuşda bu gün köp adam,
Sadalary samsyk saýýar ahyryn.

Bagyşla şahrym tankydym üçin,
Pikriň tankytlardan heniz-ä ýaş men,
Diňe ýaşymam däl, derejämem pes,
Emma ýalanlardan hemişe daş men.

Indi sadalykdan zyýan çekýän köp,
Sadalary äsgerenok köp adam.
Sadaň durmuşyna syýa çekýän köp,
Sada bolsaň,dynma ýok jebir-jepadan.

19.12.2023

M.Nuranow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş