Запись - "Oyan" diydiler

"Oyan" diydiler

Magtymguly Pyragy- köńülleriń çyragy
Ýatyp erdim gamda, geldi erenler, «Turgul, ha, ýeriňden, oýan!» diýdiler. Gözüm açyp gördüm jümle-jahany, «Şol durany Şahymerdan» diýdiler.
Erenler jem bolup, bazar etdiler, Mynafyklar turup, hezer etdiler,
Aly babam bize nazar etdiler,
Bir käse meý berip: «Iç-gan!» diýdiler.
Oýanyp gaflatdan, açdym gözümni, Erenler paýyna sürtdüm ýüzümni, Okatdylar, hak sözledim sözümni, «Segsen müň kelamy beýan» diýdiler.
Erenler jem bolup, mundan göçdüler, Syrat köprüsinden bir-bir geçdiler, Ol howzy-Köwserden şerap içdiler, Içen şahbazlarny «Soltan» diýdiler.
Magtymguly, sözle bu şirin tilde, Umydym köp durur şol duran ýolda, Bäş wagt namazyň oky her günde, «Ahyret ýoldaşyň — iman» diýdiler
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş