Запись - Ejeme

Ejeme

Balam diýip bagra basan günleriň,
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz,
Emaý bilen başym sypan elleriň,
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz.

Ýadymda gözümden ýaşym syranyň,
Ejizlän wagtymda goldaw bereniň,
Galkan sen,arkamda dag dek duranyň,
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz.

Seniň mähriň ýeke-täkdir älemde,
Güýç alýan men ýylgyraňda,güleňde,
"Jan" sözüni düşürmeýşiň diliňden,
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz.

Akyl ojagymsyň, eziz mekdebim,
Gymmatlydyr seniň beren edebiň,
Elemjanym hökman razy ederin,
Hiç haçan, hiç wagt ýadymdan çykmaz.

M.Nuranow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş