Запись - soyeyin

soyeyin

Adyň aýdan dillerimi söýeýin,
seni aýdany üçin.
Şol dillere şeker nabat düzeýin,
seni aýtjagym üçin.
Seni söýen ýüregimi söýeýin,
sen diýp urýany üçin.
Şol ýürege ýagşy niýet bereýin,
sen diýp urjagy üçin.
Ählisinden gaty söýeýin janym
seni söýenim üçin,
seni söýjegim üçin.
Gözüň gören gözlerimi söýeýin,
seni göreni üçin.
Şol göz bilen ýagşylyklar göreýin,
seni görjegim üçin.
Sesiň eşden gulaklarmy söýeýin,
seni eşdeni üçin.
Şol gulagy ýaman sözden saklaýyn,
seni eştmegim üçin.
Seni tutan ellerimi söýeýin,
seni tutany üçin.
Şol elleri erbetlikden çekeýin,
seni tutjagym üçin.
Tagandurdy.Bayryshov
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş