Запись - Söhbet Döwletow "Seni menden 3 ýyl öňki Gün aldy"

Söhbet Döwletow "Seni menden 3 ýyl öňki Gün aldy"

Sözüň, söýgiň, bary ýalan bolansoň,
Maňa senden ýatlama şol gün galdy.
Aslynda, ikimiz günäsiz, ýöne
Seni menden üç ýyl öňki Gün aldy.

Jaňlaşardyk, köplenç gijeler ýatman,
Ýazdym, hiç birinde adyňy aýtman,
Üç ýyl ozal gitdiň, yza seretmän,
Seni menden şol gijeki Aý aldy.

Gideňden soň, içmedim hem çekmedim,
Kän ýazsam-da, aňyrsyna ýetmedim,
Aýralyk üçin hiç niýet etmedim,
Seni menden şol düşümsiz ýyl aldy.

Ýalňyzlyga öwrenişmedim bir bada,
Wagt geçenin aňlaýan her "fewralda",
Üýtgemedi merdiň şol öňki halda,
Seni menden ýalan doly söz aldy.

Şol öňkije ýerler, geçilen ýollar,
Göz öňümden gitmez, geçse-de ýyllar,
Getirmezmi saçyň sypalan ýeller,
Seni menden gybat hem-de dil aldy.

Belki, gynanýansyň bolsa-da gijem,
Birden garşy çykdy mähriban ejeň,
Ynha, ýalňyzlykda üç ýylym geçen,
Seni menden şol aýazly gyş aldy.

Sen hakda ýazmagy bes etsem bir gün,
Unudandygymdyr, düşüngin şol gün,
İndiki ýaryňa wepaly bolgun,
Maňa senden ýüregimde yz galdy,
Seni menden nazarly gözler aldy.

Söhbet Döwletow.
21.02.2024ý.
Teswirler 2
Sözüň, söýgiň, bary ýalan bolansoň,
Maňa senden ýatlama şol gün galdy.
Aslynda, ikimiz günäsiz, ýöne
Seni menden üç ýyl öňki Gün aldy.
1 Мая 2024, 11:39
2
peçat dost
2 Мар 2024, 18:26
4
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş