Запись - Söhbet Döwletow "Söýme ýürek"

Söhbet Döwletow "Söýme ýürek"

"Söýgi" diýlen ýalan zada ynanyp,
Öň ýandyň, ýene-de ýanmak nä gerek?
Howlukma, ýada sal, çeken azabyň,
Dur, ýalňyşýaň, söýme hiç kimi, ýürek!

Duş gelsem zenana, bolsa birkemsiz,
Aldanma, diýse-de "Ýaşaman sensiz",
Soňunda ejiri çekjegem sensiň,
Dur, ýalňyşýaň, söýme hiç kimi, ýürek!

Aslynda, geçmişden peýda ýok, bilýän,
Ýalňyzlygňa üç ýyl bolupdyr eýýäm,
Bolsa-da aglamda ýüzüm güldürýän,
Dur, ýalňyşýaň, söýme hiç kimi, ýürek!

Diýdiler: "Aldamak - iň uly aýyp",
Kyn günümde aldap, gitdiler goýup,
Söýgiň bilen synap, ederler oýun,
Dur, ýalňyşýaň, söýme hiç kimi, ýürek!

Söhbet Döwletow.
04.03.2024ý.
Teswirler 1
"Söýgi" diýlen ýalan zada ynanyp,
Öň ýandyň, ýene-de ýanmak nä gerek?
Howlukma, ýada sal, çeken azabyň,
Dur, ýalňyşýaň, söýme hiç kimi, ýürek!
1 Мая 2024, 11:34
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş