Запись - Mugallym

Mugallym

Ak saçly gojanyñ yzyndan ýetip,
Salam berdi, ýaş gujurly mugallym,
Mähirli ýylgyryp salamyn aldy,
-Ýagdaýlaryñ niçik gowumyñ oglum.

Ýitigini tapan ýaly ýaş ýigit,
Elini göýbermän saklady salym.
-Şu derejä ýetirdiñiz, minnetdar!
Ýaş wagtym terbiýe berdiñ mugallym.

-Okuwçy wagtlarym, synpdaş oglanym,
Dakynyp gelipdi owadan sagat,
Gözüm gidip, gizlinlikde alypdym,
Ýitirenin, size arz etdi aglap.

-Kim aldy,
Jogap ýok, elbetde utanç,
Iküç gezek sorap, tapyp bir çäre,
- Ýeriñizden turuñ duruñ nyzama,
Gözüñiz ýum diýip, goýduñ hatara.

Barlagdan geçirip ýekänme-ýekän,
Deñime geldiñde menem barladyñ,
Emaýlyk bilen meñ başymy sypap,
Alypdyñ ogurlap alan sagadym.

Şonda-da, maña hi:ç zat diýmediñ,
Hat-da maña gazaplanyp bakmadyñ,
Durmuşymda maña ullakan sapak,
Beripdiñiz,
Şindem...
Men unutmadym.

-Şeýlemi?
Ýylgyrdy goja mugallym.
-Ol wakany, men şol güni unutdym,
Siziñ gözüñizi açmañ diýemde,
Sagady alamda, gözüm ýumupdym...

Mugallym diýen bir hekaýany okap, başardygymdam goşga geçirmek isledim.

Remezan Mämetgurbanow.

15.11.2022ý







Teswirler 2
Govy bolupdyr
24 Ноя 2022, 02:20
1
Juda gowy goşgy bolupdyr. ❤👍
17 Ноя 2022, 13:00
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş