Запись - Söhbet Döwletow "Ejem bilen kakama"

Söhbet Döwletow "Ejem bilen kakama"

Gerek bolsa, ýaşaryn tä ölinçäm,
Bar gaýgy-gamlary alyp, arkama.
Çekeýin men, bar jepasyn bu dünýäň,
Ýöne degmäň, ejem bilen kakama.

Şatlygym, baýlygym – bar şolar hernä,
Allahym, nesip et, mährini hemmä,
Boljak maňa bolsun, ýalbarýan, emma
Zat bolmasyn, ejem bilen kakama.

Hiç zat bolmadyk deý, ýalandan gülüp
Gezdiler, bar derdi içine salyp,
Eý Biribar, meniň ömrümden alyp,
Uzak ýaş ber, ejem bilen kakama.

Käbäm-kyblam – durmuşymyň penasy,
Şolardyr meň barlygymyň güwäsi,
Goý, maňa ýazylsyn olaň günäsi,
Emma ýazmaň, ejem bilen kakama.

“Eje” diýdik, çümse endama tiken,
Arkada dag boljak, bir “Kaka” eken,
Dünýäde şolardyr tapylmaz, ýeke,
Ýaşlyk etdim, bardym indi parhyna,
Çalyşman hiç zady, ejem kakama.

Söhbet Döwletow.
31.05.2024ý.
Teswirler 2
likee
29 Июн 2024, 17:05
1
sizinkilen arasynda in halanym sxu
29 Июн 2024, 17:05
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş