Запись - Söhbet Döwletow "Ömür"

Söhbet Döwletow "Ömür"

Geçmiş köpeldikçe, geljek azalýar,
Boş-boşuna geçip barýar bu ömür.
Sarp edilip manysy ýok zatlara,
Gymmatyndan gaçyp barýar bu ömür.

Göwün göterilse dünýä sygmajak
ýaly bolýar ynsan, durman ylgajak,
Bir gitse yzyna hijem gelmejek
Guşlar kimin uçup barýar bu ömür.

Garyp bendäň artdyrman hiç nanyndan,
Adamzady doýuryp öz janyndan,
Gam-gussasy bilen ynsan ganyndan,
Edil suw deý, içip barýar bu ömür.

Kemelip barýar-la, aýtsak bir sözden,
Mährini görmänkäň oguldan-gyzdan,
Entäk ýetişmänkäk hiç zada, bizden
kem-kem ara açyp barýar bu ömür.

Ýaňy görenleriň ýokdur ýerinde,
Hasaly ýör, düýnki ylgaýan bende,
Çagalyk, ýetginjek... döwürler nirde,
Şeýdip, yzda galýar ençeme döwür,
Otly deýin geçip barýar bu ömür.

Söhbet DÖWLETOW.
22.06.2024ý.
Teswirler 3
lic gelain plz owredain
29 Июн 2024, 17:03
0
ndp blog acyanyzai mn acp blmk
29 Июн 2024, 17:03
0
gouken
29 Июн 2024, 17:03
1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş