Запись - Sensiz hemme zat bolmaz didiler...

Sensiz hemme zat bolmaz didiler...

Sensiz ýaşamaz diýdiler maňa, Görýäňmi ýaşaýan ekenim sensiz. Ýalňyzlygy çekmez diýdiler maňa, Görýäňmi ýalňyz hem ýaşaýan sensiz.
Sensiz ädim ätmez diýdiler maňa,
Seretsene ýolumy ýöreýän sensiz.
Sensiz gülmez hem diýdiler maňa,
Ýöne men kah-kahlap gülýärin sensiz.
Sen hakda kän zatlar diýdiler maňa,
Diýdiler daňlaram atmazmyş sensiz.
Gyş gününiň syrap ýagýan ak gary,
Şol hem ýagmazmyş bolamde sensiz.
Garaňky giýjeler zemini bolup,
Ak ýyldyzlar hem süýnmezmiş sensiz.
"Ak maýanyň ýoly" süýt ýaly aýdyň,
Bolmazmyş bolmasam birlikde sensiz.
"Ýok"! Bu zatlary hiç kim diýmändi maňa,
Öz-özüme diýipdim, bolamda sensiz.
Göz öňüme getrimäne gorkup men şonda
Dowam etmäne men ýolumy sensiz.
Emma gorkudan ne peýda maňa,
Dowamat-dowam ýollara sensiz.
Birwagtlar eziz häzir ýat maňa,
Durmuş dowam edýär ýoluny sensiz.
Edil hazir hem otyryn sensiz,
Kiçijek otagda ümsümjek sessiz.
Pikire batýaryn düşünýän sensiz,
Diýýärin:"BAGTLYMYŇ? ÝAŞASAŇ MENSIZ"???
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş