Запись - Hyýaly dünýämiñ pikir ummany...

Hyýaly dünýämiñ pikir ummany...

Hyýaly dünýämiñ pikir ummany,
Kenarynda bolsa, köneje çatmam.
Dünýäniñ ählije zady ýerleşen
Çatmamyñ içine sygýa bar zatlar.

Düzetmeklik, gurmak meniñ elimde,
Şatlygam, gussada islegme görä.
Meniñ üçin mydama gapysyn açyp,
Hemişe garaşýar, Hyýaly dünýe.

A... Adamlar bolsa!
Diýýärler "däli"
Men ýöremok olar bilen deñ bolup.
Dälimi, tentekmi, terkidünýämi?
Ýaşap ýörün arasynda geñ bolup.


Remezan Mämetgurbanow
21.11.2022ý

Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş