Запись - Ene hakynda

Ene hakynda

Ene!
Mähribandyr, ene melekdir.
Ynjytmañ, aglatmañ eneriñizi!
Siziñ üçin, ähli zada taýyndyr,
Güldenem näzikdir ene ýüregi.

Ene!
Mukaddesdir, ynjytmañ ony,
Aýagynyñ basan ýeri Jennetdir.
Eneñize güler ýüzli baksañyz,
Sizden razy, ömürboýy minnetdar!

Şeýle, sözler bilen bezäp beslenen,
Internetde paýlaşdym, owadan mowzuk.
Guwanyp, ýürek basylan sesleriñ,
Ýene-de gözledim, sözleriñ gowsyn.

Hassa ýatan enem bolsa, hyk -çoklap,
Menden suw diledi, "wagtym ýok" diýdim.
Internetde bolsa, ene hakynda,
Like gazanjak bolup, mowzuk köp goýdum.

Remezan Mämetgurbanow

26.11.2022ý



Teswirler 3
Elbetde, bu özüňe degişli däldirle 😊
28 Ноя 2022, 22:27
0
Mahrimah
ответил(-а) Remezan

Olam dogry 😊

29 Ноя 2022, 20:56
Показать все ответы 2
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş