Запись - Biriniñ haýyşy boýunça

Biriniñ haýyşy boýunça

Umytlarym...
...Öçmez gözüñ röwşeni,
Belki-de men öz-özümi aldaýan.
Sen ýok, bu jahanda.
Köñül köşgümi,
Söýgi bilen bezejek, göwnim awlaýan.

Ornuñ ýüregimde...
...Süýji arzuwlar,
Eýýäm dört ýyl bäri gidipdir poslap.
Her gün ir säherler Gözüm gapyda,
Gelerñe garaşýan gözlerim ýaşlap.

Gitdiñ sen bizden juda: uzaga,
Galdym, balalarña hemsyrdaş bolup.
Mätäç däl, mähriñden başga hiç zada,
Ýalan dünýäm geçip gitsin düýş bolup.

Alladan dilegim, Ruhyñ galkynsyn,
Bizede Behişden bersin paýyny.
Bu dünýede sensiz köýen durmuşym,
Eçil, Allam! bize, Jennet jaýyny!

Remezan Mämetgurbanow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş