Запись - Gar ýagýar.

Gar ýagýar.

Gar ýagýar,
Gar ýagýar,
Ýagýar akja gar!
Sowuk, doñakçylyk,
Ýerem agarýar.
Göwnüme aralaşýar, sowujak aýaz,
-Hernä, gowy bolsun!
Göwnüm alaýaz.
Duýmadyk bolýaryn,
Ýagýar sepeläp,
Kä syrgyn bolýar,
Kä-te peselip,
Gaýyp düşýär,
ýüzüme...
Ereýär.
Ýylgyrýaryn çala,
Umyt döreýär.
Belki, gün çykar,
Howa-da maýlar,
Tüssesini keser, parawoz jaýlar.
Ýene-de ýaşyl ösüp janlanar dünýä,
Ýel öser,
Gül çykar,
Agaç pyntyklar.
Kebelekler uçar,
Garlawaç geler...
Ynha şeýle,
Bu zatlar aýdyñ görünýär...
Sowukjak şemal..
Gar ýagýar.

Remezan Mämetgurbanow

09.12.2022ý




Teswirler 1
Umumulykda düşündireýin, Gar ýagýar - Ömür paýawlap barýar, ölüm golaýlaşýar, garrylyk golaýlaşýar.
Hernä gowu bolsun göwnüme teselli berýän, wagt geçýär kä çalt ýaly kätede haýaljyk, ýöne şol günleriñ biri kalbymda umyt döretýär, Belki gün çykat- Çagalaryñ geljegi gowy bor, Göwünlerdäki tütünleri amala aşar, kalby rahatlanar, Yzymy dowam eder, dünýä- Çagalar. Meni giderin - ýel öser, Gül çykar -yzymda galanlar ýaşar, Olaram pyntyklar, Gyzyñ gelin bolup gider, Garlawaç geler- Gelin geler. Ynha şeýle, bu zatlar aýdyñ,...
Sowujak şemal Gar ýagýar - A men bolsa, garrap barýan.
9 Дек 2022, 21:00
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş