Запись - UZAKDAN SÖÝÝÄN SENI...

UZAKDAN SÖÝÝÄN SENI...

Uzakdan söýýän seni.
Ysyňy alman,
Boýnuňa dolanman,
Ýüzüňe elimi degirmän,
Ýöne söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Eliňden tutman,
Ýüregiňe galtaşman,
Gözleriňde gark bolman,
Şu üç günlik söýgüleň kejine,
Mežnun däl erkek adam ýaly söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýaňaklaryňa sy:rygýan iki damja ýaşyňy süpürmän,
Iň däli gülkileriňe şaýat bolman,
Iň söýgüli aýdymyňa bile hiňlenmän

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Ýykman,
Dökmän,
Döwmän,
Degmän,
Aglatman, uzakdan söýýän.

Şeýle uzakdan söýýän seni.
Saňa aýtmak isleýän her sözümi
Dilimde bölek-bölek edip söýýän
Damja damja dökülende sözlerim
Bigünä ak bir kagyzda söýýän.

                                Jemal Sureýýa

Terjime: @picasso
Teswirler 3
Türk halkynyň hormatlanýan şahyry Jemal Sureýýa. Şygyrlary hem diýseň täsirli.Terjime hem gaty gowy bolupdur. Asyl nusga ýaly manyly we çeper.
11 Дек 2022, 10:29
2
Haýsy dilden terjime?
11 Дек 2022, 09:09
1
Hypatia
ответил(-а) State

Türk dilinden.

11 Дек 2022, 10:20
Показать все ответы 1
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş