Запись - Gyzym...

Gyzym...

Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok.
Gaýtaryp getirsem tapardym çäre.
Ah, Gyzym,
Ah, gyzym, naçarym meniň,
Sypardym, ogşardym seniň başyňdan...
Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp,
Ata turdy, bir mazaryň başyndan...

Remezan Mämetgurbanow.
06.10.2022ý



Teswirler 6
...
10 Июл 2024, 15:06
0
4 Мая 2024, 11:51
0
Отлично
5 Мар 2023, 14:43
0
Vaheeey yzy yarasyn nm bolup olupdir gyzy
3 Ноя 2022, 21:39
0
yzy ýarasyn... öwez ogulny bersin....
3 Ноя 2022, 15:27
0
Waheý. Gynançly goşgy. Ýöne gowy ýazylypdyr. 👍
29 Окт 2022, 20:16
0
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş