Запись - Eý, Heser...

Eý, Heser...

Eý, Heser, elheder!
Hyýalymdaky
Keşbe juda-juda meňzeýän Eser!
Damakdaky agy ýaly, gözümiň
Owasyndan daşa dyňzaýan Eser!

Eý, giç gelen Ylham!
Eý, göwni Joşgun!
Saçy özündenem uzyn Gözellik!
Ykbaly özgertjek bagta çalymdaş,
Asmanpisint göwni göwne gönezlik!

Sözleň bilen gowulanýar teň halym,
Köňül kölüm gözleň bilen suwlanýar.
Nazaryňa nyşan bolsa (eý, aman!),
Ýanyp duran o:t üşeýär, suw ýanýar.

Eý, gujagy Behişt!
Hijrany — Dowzah!
Kebzelemden ganat çykdy — uçdum men.
Eý, özi bir Dünýä!
Pany dünýäniň
Höwesinden birmahallar geçdim men...


Sapa HOMMADOW»
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş