Запись - Otuz ýaş

Otuz ýaş

OTUZ ÝAŞ
Ýyllar emaý bilen sypady başym,
Eliniň yzyndan agardy saçym.
Eliniň gyzgynna depäm lasyrdap,
Azaldy saçym.
Meni şahyr eden kemmagal ykbal
Ýumşak daryşmady,
etmedi näzi.
Derledip derimi çalanda ýyllar,
Maňlaýymda galdy barmaklaň yzy.
Şümi ýyllaň zähmetime aklygy,
Şümi bar sowgady bahar-gyşlaryň?
Aýdyň ýyllar, aslynda, siz näm berip,
Alýarsynyz meniň ýaşlyk yşnagym?
Akyl-parasatmy?
Şahyrlaň baky,
Duýgusyndan ejiz gelýändir akly.
Duýgy diýmek — ýaşlyk.
Onda şahyrlar
Hemişe ýaşlykda galmaga hakly.
Men indi köýnegmiň jübusi hatly.
Nazarkerde gyza atmarynmy lak?
Maňa kyn günlerde ýürekdeş gyzyň,
Gözlegne çykmanmy gözlerim çarhlap?
Ysgap al ýaňagy,
duýmanmy şygryň,
Meýmiredip kalpdan syzylyp gelşin.
Ähli zadyň serhedimi otuz ýaş
Hem indi ýaşlyga nokatmy gelnim?
...Otuz ýaşa uýgunlaşyp bolanok.
Otuza özümi görmedim rowa.
Tomsum bilen baharymyň sepgidi—
(Men çydap bilemok),
Çalyşýar howa.
Otuz däl,
şu mahal berseler elin,
Razy men kyrk ýaşa,
kyrk bäşe,
ellä.
Otuzda ýaşlykdan aýra düşme kyn,
Emmeden aýrylan çaga deý ylla.
Ýok, ýyllar ýaşlygym almady,
ony,
Çalyşdym men her aýdyma, her bende.
Syrdam boýlaryny, dury roýuny,
Gelinleriň çalşyşy deý perzende.
Ýürek!
Ýaşlygyňy şygra öwür sen,
Galanynyň tapylar bir alajy.
Terje hyýar ýaly ýaşyl ömürleň,
Barybir ahyry gutarýar ajy.


Nobatguly Rejepow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş