Запись - Asman sary uçup, uçut gaýadan...

Asman sary uçup, uçut gaýadan...

Asman sary uçup, uçut gaýadan,
Belent daglañ depesini synlaýan,
Zemin sary bakdym, göwnim galkynyp,
Ýaşamaga umyt tapdym dynmaýan.

Müñ dertden halas ýaly hamala,
Ganat gerdim, perlerini ýaýdymda,
Arzuwlarma ynam bilen baş egdim,
Her sözime jogap bolan öýdimde.

Adalatmy, sahabatmy bilmedim,
Her uçuşda geldi maña pete-pet,
Diýdi olar ,, ýigit bürgit ýaly bol",
Yza ýol ýok, sen hemişe öñe git.

Hyjuwlandym hum tapan deý kesbimden,
Çawjyrady gözlerimde uçganak,
Düşindim men öziñ, öziñ bolmasañ,
Gowy günleñ posasyny guçma ýok.

Gulagyma mukam bolup eşdildi,
Şabyrdysy dagdan akan çeşmeleñ,
Eý sen dünýä, ömir çäkli bolsa-da,
Şaglap inýän çeşmelerñe teşne men.

Erk etsemem, erkindi meñ ýüregim,
Merhemet bar gelip açyp okasañ,
Awyçylar awlap tutjak bolarlar,
Ýöne welin salyp bilmez kapasa.

Men zeminiñ kiçijek bir künjinde,
Bu dünýäniñ gözelligni synlaýan,
Duýgylarmyñ ejizini äpberip,
Ýaşamaga umyt tapdym dynmaýan.

Awtory: Baýram Bejidow
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş