Запись - Jeýms Kemeron «Terminatoryň» dowamyny gaýtadan düşürmek isleýär

Jeýms Kemeron «Terminatoryň» dowamyny gaýtadan düşürmek isleýär

Jeýms Kemeron diňe bir «Awatar» we «Titanik» franşizalary bilen däl, eýsem, «Terminatory» bilen hem bellidir. Režissýor seriýanyň diňe başky iki bölümini surata düşürdi, ýöne soň onuň üstünde işlemegini bes etdi.

Ýakynda Kemeron seriýa höwes bilen gaýdyp gelesiniň gelýändigini, ýöne başga ideýa bilen gelmegi makul bilýändigini gürrüň berdi. Filmi goýujy ýene-de adamlary heläkleýän maşynlar hakynda gürrüň bermän, emeli aň temasyny ösdüresiniň gelýändigini aýtdy.

"Awatar" daşky gurşaw hakynda gürrüň berýär, franşizanyň filmlerinde men emeli aň barada agzamaýaryn. Eger men ýene bir "Terminatory" surata düşürip bilsedim we belki, häzir gürrüňi edilýän, ýöne entek çözülmedik franşizany täzeden goýbermek mümkin bolsady, men aklyndan azaşan maşynlar hakynda däl-de, emeli aň hakynda film dörederdim.

Kemeronyň "Terminatora" gaýdyp gelýändigi hakynda resmi görnüşde entek hiç zat aýdylmady.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş