Запись - Messi BBC-niň wersiýasy boýunça sportda ýylyň ýyldyzy boldy

Messi BBC-niň wersiýasy boýunça sportda ýylyň ýyldyzy boldy

«PSŽ-niň» we Argentinanyň ýygyndysynyň 35 ýaşly hüjümçi ýarym goragçysy Lionel Messi her ýyl BBC tarapyndan gowşurylýan nominasiýada "Sportda ýylyň ýyldyzy» baýragyny gazandy.

Ýarym goragçy karýerasynda ilkinji gezek BBC-iň baýragyny aldy. Argentinaly türgen bu baýraga mynasyp bolan bäşinji futbolçydyr.
Katarda geçen DÇ-2022-de Messi dünýäniň çempiony boldy. Ýedi oýna gatnaşdy, ýedi gol saldy we üç gezek netijeli pas berdi. Ol turniriň iň oňat oýunçysy diýip ykrar edildi.
Ol 2022/23 möwsümde ähli turnirlerde klub derejesinde 19 oýna gatnaşdy, 12 gol saldy we 14 assist etdi.
Teswirler 0
Häzirlikçe teswirler ýok
Извините, для вас комментирование недоступно
Hemme ýazgylar

Sahypany paýlaş